
uly arzanladyş.

harytlar.
AKMEKAN BAZARY
BAZAR BARADA
TARYHY WE FAKTLAR
1. DÜKANLAR
200-den gowrak dükan
2. TUTÝAN MEÝDANY
100x100m
3. HYZMATDAŞLAR
20-den gowrak hyzmatdaş
4. ELTIP BERMEK
Günde 30 töweregi eltip berme
FEATURED POSTS
Iň täze habarlar
Iňlis dilini mugt öwrenmek üçin programma döredildi
- Awtor Manager Manager
- 0 comments
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Isa Annamyradow ykjam telefonlarda iňlis dilini mugt öwrenmäge mümkinçilik berýän programma döretdi. Ykjam enjamlar üçin niýetlenen täze programma iňlis diliniň «Beginner-Elementary», «Pre-Intermediate», «Upper-Intermediate», «Advanced» derejelerini öz içine alyp, synaglary, sözleri, tekstleri we iňlis diliniň grammatikasyny türkmençe düşündirilişiniň üsti bilen özleşdirmäge kömek eder. Ähli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen programmanyň esasy artykmaçlygy, ol oflaýn görnüşinde bolup, beýleki programmalara garanyňda, tölegsiz ýagdaýda işleýär.
“Germew” programmasyny ykjam telefonlaryna ornaşdyrmak isleýänler tölegsiz görnüşde “Google” şereketiniň “Google Play” internet dükanyndan telefonlara ýükläp bilerler.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty “Açyk gapylar” gününi geçirer.
- Awtor Manager Manager
- 0 comments
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2021-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we biziň institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy” muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63; 22-68-45.Maglumat almak üçin institutyň web-saýty: www.iirmfa.edu.tm
Mundan başga-da Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda «Açyk gapylar» güni 24-nji aprelde we 15-nji maýda şeýle-de Sport we syýahatçylyk institutynda bolsa 10-njy aprelde we 1-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy
- Awtor Manager Manager
- 0 comments
“Türkmentelekom” EAK-sy «JAN Tehnologiýa” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Belet Film” hyzmatyny hödürleýär
Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy. Hyzmat filmleriň, teleseriýallaryň, multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn- kinoteatrdyr.
Filmleriň sany yzygiderli köpelýär we ýakyn wagtda dünýä klassik filmlerinden başlap, 2021-nji ýylyň täze önümlerine çenli 5000-den gowrak dürli žanrlardaky film we seriýallar elýeterli bolar. Bu hyzmat enjama däl-de, internet liniýasyna birikdirilýär. Bu, bir maşgala agzalarynyň hemmesiniň bu hyzmatdan peýdalanyp biljekdigini aňladýar. Sekuntda 8 megabite çenli tizlik, şol bir wagtyň özünde birnäçe enjamdan onlaýn film görmäge mümkinçilik berer. Abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manat, hyzmaty abonentiň şahsy otagynda, şeýle hem “Turkmentelekom” EAK-nyň abonent bölümlerinde birikdirip bilersiňiz. Hyzmat diňe bir Android we iOS däl, kompýuterden görmek üçin web wersiýasy hem häzirki wagtda film.belet.com.tm sahypasynda işlenip düzülýär. Onlaýn- kinoteatryň WEB wersiýasy ýakyn wagtda elýeterli bolar. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.
Hyzmat täze işe girizilendigi sebäpli, belki-de ulanyjylaryň hemmesi gözleýän zadyny tapyp bilmez, beýle ýagdaýlar üçin biziň belet@online.tm salgymyza e-poçta iberip bilersiňiz. Filmiň ýada seriýalyň adyny ýazyň, Belet Film topary gysga wagtda siziň islegleriňizi kanagatlandyrar.
Habarlaşmak üçin:
Maglumat merkezi: 071
IMO: +993 61 392241
IG: @beletvideo
belet@online.tm
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy
- Awtor Manager Manager
- 0 comments
Samsung kompaniýasy täze döreden, maglumatlary saklamagyň ýokary hilli howpsuzlyk derejesini üpjün edýän tötänleýin sanlaryň kwant generatoryny özünde jemlän Samsung Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol geçen ýyl satuwa çykarylan Samsung Galaxy Quantum smartfonynyň birnäçe täze funksiýalar bilen baýlaşdyrylan soňky görnüşidir.
Täze smartfona öňki kamera kesip almak mümkinçiligini döredýän döwrebap Infinity-O displeýi, ekranyň aşagynda ýerleşýän barmaklaryň skaneri, suwdan hem-de tozandan goraglylygyny kepillendirýän Ip67 şahadatnamasy we Dolby Atmos stereodinamikasy girizilendir. Metal korpusly enjamyň arka tarapynda 64 megapikselli, suraty optiki stabilleşdirijili esasy üç kamerasy ýerleşýär.
Galaxy Quantum2 smartfony 6,7 dýumly 120 Gs ýygylykly täzelenme FHD+ mümkinçilikli Super AMOLED displeýi ornaşdyryldy. Ol birkristallaýyn Snapdragon 855 Plus ulgamy esasynda döredilip, 8 GB işjeň ýady we 128 GB fleş ýady özünde jemleýär.
Smartfon 4500 mAç sygymly akkumulýatora eýedir. Galaxy Quantum2 smartfonyny öňünden buýurmak işleri 13-nji aprelde başlanar we buýrma üçin Galaxy Buds Live gulaklyklary(nauşnik) hem-de reňksiz daşlyk sowgat berler.
Smartfon 23-nji aprelden doly satuwa çykarylar.
Türkmenistan 2021-nji ýylda Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär
- Awtor Manager Manager
- 0 comments
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda geçirilen Halkara maslahatda türkmen Lideri 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýändigini belledi.
Hormatly Prezident bu barda öz çykyşynda şeýle belleýär: «…Şeýle hem häzikri wagtda tutuş dünýäniň sezewar bolan täze çynlakaý wehimi barada aýtman bilmerin. Koronawirus pandemiýasy onlarça million adamyň saglygyna zeper ýetirmeginden hem-de gynansak-da, köpsanly adamlaryň ömür tanapyny kesmeginden başga-da, halkara gatnaşyklaryndaky ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykardy.
Ilkinji nobatda, bu howpa garşy göreşde diňe bir tehniki taýdan däl-de, tagallalary birleşdirmäge hem taýýarlygyň ýokdugy aýan boldy. Şunda ynamyň we syýasy erkiň ýeterlik derejede däldigini ýene-de bellemek gerek. Bu ýokanç kesel ýaýrap başlan badyna Türkmenistan öz anyk we üýtgewsiz garaýyşyny beýan etdi: ähli döwletleriň jebisligini, raýdaşlygyny hem-de bu wehime garşy göreşde özara goldawyny jemlemek zerurdyr.
Anyk çäreler barada aýdylanda bolsa, ýurdumyz halkara ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmek ugrunda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisinde dürli ýurtlaryň lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine, bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň höweslendirilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň birnäçesini teklip etdi. Türkmenistan 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär».
6G ulgamy 2030-njy ýylda taýýar bolar
- Awtor Manager Manager
- 0 comments
Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy 6G ulgamynyň söwda maksatly görnüşiniň 2030-njy ýylda taýýar ediljekdigini mälim etdi. Internet aragatnaşygynyň 6-njy nesli, esasan, saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almakda peýdalanylar. Şeýle hem birnäçe pudakda netijeliligi ýokarlandyrmaga ýardam eder. Dünýäniň käbir iri şäherlerinden ulanylyp başlanandygyna garamazdan, häzirki wagtda ýeterlik derejede ýaýramady.
Ýewropa Komissiýasynyň mälim etmegine görä, Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda 6G barlaglaryny çaltlandyrmak maksady bilen “Hexa-X” atly taslama durmuşa geçirilýär.