Täzelikler

Türkmenistanyň DIM-nde hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi geçirildi

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň täze geljekki ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi. Türkmen we eýran toparlarynyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynam we bähbit ýörelgelerinde guralýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we düzümler, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda dialogy dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bar bolan kuwwatlyklary durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtlarda türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze many-mazmun bermäge, özara haryt dolanyşygyny düýpli artdyrmaga, onuň düzümini we gerimini diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Şeýle hem ulag boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlarynyň birine öwrülendigi nygtaldy. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňzindäki Eýranyň portlarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagy bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Iki ýurtlaryň sebitleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylygy ösdürmek, daşky gurşawy goramak ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýygjam medeni alyşmalar ýola goýuldy, olaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, döredijilik saparlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, Medeniýet günleri hem-de iki halkyň taryhy-medeni we ruhy-ahlak ýörelgeleriniň umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň kuwwatly guraly bolup çykyş edýän beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Mejlisiň dowamynda dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň iki tarap üçin hem uly ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara hereketleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin täze meýilnamalar kesgitlendi. Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn çäreleriň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli ýagdaýda guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň hem-de doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine oňyn dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *