Täzelikler

Ertir Aşgabatda «Agro Pak» azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi açylýar

Sergä döwlet eksponentlerinden başga-da, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Moldowadan, Özbegistandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan degişli kompaniýalar we kärhanalar gatnaşar. Şeýle-de Niderlandlaryň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary gurnalar. Sergide azyk önümleriniň, gaplama önümleriniň önümçiligi üçin enjamlar, azyk senagat tehnologiýalary, däne saklaýyş we üweýiş ulgamlary, bagbançylyk we tokaý ösdüriş, guşçulyk we maldarçylyk, suwaryş pudagynda öňdebaryjy çözgütler, şeýle-de oba hojalyk önümleri, tohumlar, dökünler we ş.m. görkeziler.

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *