Täzelikler

Türkmenistanda geçen hepdäniň birža söwdalarynyň jemi bahasy 50 million dollardan geçdi

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, jins 1matany satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 16 million 725 müň manatdan gowrak bolan pagta galyndysyny, çig ýag turşulygyny, flanel matany, el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, aşgarlanmadyk bizi we çig ýüpegi satyn aldylar.

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *